Google Pixel 7a 2023-nji ýylda iň gowy kameraly smartfon diýlip atlandyryldy

  • 11.01.2024 19:09
  • 7.8k+

Meşhur bloger Mark Braunli «Google Pixel 7a-ny» 2023-nji ýylda bazardaky iň gowy kameraly smartfon diýip atlandyrdy. Ol muny özüniň «YouTube» kanalyndaky wideoda belledi.

Synaglarda bloger dört topara bölünen 20 sany smartfon ulandy. Soňra awtor ses berişlik üçin ýörite sahypa döretdi, onda ulanyjylar alnan iň gowy suratlary saýladylar, emma olaryň haýsy smartfonda alnandygy mälim edilmedi. Her enjama utuk berildi. Synagyň netijelerine görä, «Google Pixel 7a» 1660 toplap, iň gowy kamerasy bolan  smartfon hökmünde saýlandy.
Sanawyň ilkinji üçlüginde «Google» brendiniň beýleki smartfonlary – «Pixel 8 Pro» flagmany we eplenýän «Pixel Fold» ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji onluga «OnePlus Open», «Samsung Galaxy S23», «Samsung Z Flip 5», «iPhone 15 Pro», «Vivo X90 Pro», «Samsung Z Fold 5» we «Moto RAZR Plus» girdi.
Aýry-aýry synaglarda – gündizine surata düşürmekde «Google Pixel 7a» ýeňiş gazandy. Pes yşyklandyryş şertlerinde surata düşürilende «iPhone 15 Pro», portret režiminde bolsa «Google Pixel 8 Pro» iň gowy diýlip yglan edildi.


19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....