Ýokary tizlikli Wi-Fi 7 resmi şahadatnama eýe boldy

  • 10.01.2024 17:09
  • 9.2k+

Wi-Fi Alliance (WECA) guramasy simsiz aragatnaşygyň iň täze standartyny – Wi-Fi 7-ni hasaba aldy. Bu tehnologiýa eýýäm hökmany şahadatnama eýe boldy: 2024-nji ýylda täze standarty göterýän 233 mln töweregi gurluşyň bazara çykmagyna garaşylýar. Bu barada championat.com habar berýär.

Wi-Fi 7 Wi-Fi 6 bilen deňeşdirilende öňe tarap uly ädim bolmaly. Täze tehnologiýa 320 MGs çenli kanal giňligini, köp gigabitli tizligi we ýokary geçirijilik ukybyny üpjün eder. Wi-Fi 7 gurluşlara maglumatlary diňe 2.5 GGs ýa-da 5 GGs arkaly däl-de, birbada birnäçe kanal boýunça ibermäge we kabul etmäge mümkinçilik berýän Multi-Link Operation (MLO) funksiýasyny hem öz içine alar.
WECA Wi-Fi 7-niň XXI asyrda iň tiz, ygtybarly we döwrebap aragatnaşyk standartyna öwrüljekdigini belleýär. Guramanyň maglumatlaryna görä, 2028-nji ýyla çenli dünýä boýunça 2 milliarddan gowrak gurluş bu tehnologiýany göterer.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......