BMW CES 2024-de iň täze awtoulag tehnologiýalaryny görkezer

  • 10.01.2024 17:30
  • 7.9k+

IXBT.com-yň habaryna görä, Las-Wegasda Consumer Electronics Show (GES, Halkara sarp ediş elektronikasy sergisi) sergisinde BMW kompaniýasy akylly kabinalar, akylly sürmek ugrunda we beýleki ugurlarda soňky gazananlaryny görkezer.

Resmi beýanata görä, nemes awtoulag öndürijisi Amazon Alexa-nyň uly dil modeli tarapyndan üpjün edilýän emeli aň tehnologiýasyna esaslanýan şahsy kömekçiniň täze neslini döredýär.
Şeýle hem, BMW smartfonlary awtoulag gözegçisi hökmünde ulaglara birikdirmäge mümkinçilik berýän awtoulagyň içindäki täze oýun aýratynlygyny hödürlär. Indiki täzelenme arkaly ulanyjylar hakyky Xbox we PlayStation oýun dolandyryjylaryny ulanyp bilerler.
Mundan başga-da, BMW sergide kabinadaky VR, AR we beýleki tehnologiýalaryň ulanylyşyny görkezer. Giňeldilen hakykat äýnekleri ulanylanda ulgam nawigasiýa görkezmelerini, güýmenje mazmunyny, zarýad beriş stansiýasynyň maglumatlaryny, awtoulag duralgasynyň şertlerini we beýleki mazmuny görkezip biler. Öwrümler we çarkandaklar ýaly ýoluň kyn ýerlerinde-de mazmunyň düşnükli we aýdyňlygyna galýandygy bellendi.
Şeýle hem, BMW we Valeo sürüjilere awtoulaglaryny bellenilen ýerlerde saklamaga mümkinçilik berýän awtoulag duralgasynyň “indiki neslini” döretdi, şondan soň awtoulaglar awtoulag duralgalaryny awtomatiki gözleýär we öz ýerlerine girýär. Sürüji ulagyny gaýtadan ulanmaly bolanda, awtoulag duralgadan awtomatiki usulda çykyp biler.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....