«San-Paulu»: Doriwal Žunior Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder

  • 10.01.2024 09:50
  • 4.1k+

«San-Paulu» futbol topary «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda baş tälimçi Doriwal Žunioryň Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek üçin öz wezipesinden aýrylandygyny habar berdi.

Braziliýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilen dünýä çempionatyndaky çykyşlary tamamlanandan soň tälimçisiz galdy. Şonda braziliýalylar çärýek finalda Horwatiýadan penalti ugrulary tapgyrynda ýeňilipdiler. «Selesao» ýolbaşçylyk eden Tite dünýä çempionaty başlamazdan ozal ýaryş tamamlanandan soň wezipesini boşadyp, tälimçilik karýerasyny bes etmek isleýändigini mälim etdi. 2023-nji ýylyň tomsundan bäri milli ýygyndynyň baş tälimçisiniň wezipesini Fernando Diniz ýerine ýetirdi, onuň wezipesinden boşadylýandygy ýanwar aýynyň başynda Braziliýanyň metbugaty tarapyndan habar berildi. Bu wezipä dalaşgärleriň biri hem «Real Madridiň» tälimçisi Karlo Ançelotti bolup, ýakynda ol şa topary bilen şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy.
«San-Paulu» futbol topary Braziliýa milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek üçin wezipesinden boşadylmagyny haýyş eden tälimçi Doriwal Žunioryň işinden aýrylandygyny habar berdi» diýip, Braziliýanyň toparynyň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilýär.
Tälimçiniň özi bu wezipä bellenilmegini arzuwynyň hasyl bolmagy diýip atlandyrdy, bu onuň «San-Pauluda» ýerine ýetiren işleri üçin ykrar edilendigi sebäpli mümkin boldy.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......