Londonda Elwis Presliniň konserti bolar. Ol emeli aňyň kömegi bilen janlandyrylar

  • 09.01.2024 16:35
  • 9k+

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Londonda Elwis Presliniň gologrammaly tomaşasynyň ilkinji görkezilişi bolar. Euronews -yň habar bermegine görä, rok-n-rolyň şasy emeli aňyň kömegi bilen janlandyrylar.

Elvis Evolution şüweleňiniň guramaçysy bolup çykyş edýän Layered Reality kompaniýasy 1977-nji ýylda 42 ýaşynda aradan çykan meşhur aýdymçynyň hiç haçan görülmedik kadrlaryna elýeterlilik gazandy.
Şüweleňiň guramaçylarynyň atlandyryşy ýaly “konserte çuňňur berilmek tejribesi” üçin petekleriň bahasy 60 funt sterling töweregi bolar. Konsertden soň Londonda temaly bar hem-de janly aýdym-sazly we DJ-li restoran oturylyşygy bolar.
Soňra şular ýaly şüweleňleri Las-Wegasda, Tokioda we Berlinde geçirmek meýilleşdirilýär. Elwis Presliniň özi hiç wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşynda konsert bermändi.
Guramaçylar ABBA toparynyň şowly geçen şuňa meňzeş tomaşasyndan soň Elwisi “janlandyrmak” pikiri bilen çykyş etdiler. Tomaşada toparyň agzalarynyň ýaşlygyndaky gologrammalary sahna çykarylypdy.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......