Selena Gomes aýdymçylyk karýerasyny tamamlamak isleýär

  • 09.01.2024 16:33
  • 22k+

«Disney Channel-yň» öňki ýyldyzy Selena Gomes ýene bir albom çykarmagy, ondan soň bolsa aýdym-sazdan bütinleý daşlaşmagy we diňe aktýorçylyk karýerasyna ünsi jemlemegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

«Men ýadadym, indi dynç alasym gelýär» diýip, 31 ýaşly Gomes «SmartLess» podkastynyň 8-nji ýanwarda ýaýlyma beriljek bölüminde aýtdy.

Onuň bellemegine görä, ol elmydama aktrisa bolmak isleýärdi. «Men hiç wagt durmuşymy tutuşlygyna aýdymçylyk karýerasy bilen baglamak islemedim, ýöne bu güýmenjäm başga bir zada öwrülip gitdi. Men özümi iň ökde aýdymçy hasaplamok, ýöne hekaýalary beýan edip bilýärin we aýdym ýazmagy halaýaryn» diýip, Gomes aýtdy.
Alypbaryjylar Jeýson Beýtman, Şon Heýs we Will Arnett bilen söhbetdeşlikde aýdymçy, ilki bilen, aktýorlygy we aýdymy birleşdirmegiň özüne ýarandygyny gürrüň berdi. Ýöne soň aýdym aýtmak işi dolulygyna kinonyň ornuny tutdy. Bir syýahat konserti tamamlanmandygysaýy beýlekisi başlandy, albom yzyna albom çykardy. Şeýlelikde, ol «bir ýerde muny tamamlamak isleýändigine» düşündi.

şu gün 12:00
811

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
4.5k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.4k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.4k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......