2024-nji ýylyň iň uly býujetli filmleri belli boldy

  • 09.01.2024 08:21
  • 16k+

“RBK Life” neşiri 2024-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilýän iň uly býujetli filmleriň bäşligini düzdi. Sanawda birinji orny 230 mln dollar býujet bilen “Furiosa: A Mad Max Saga” (“Фуриоса: Хроники Безумного Макса”) filmi eýeledi. Awstraliýaly režissýor Jorj Milleriň bu blokbasteri “Mad Max: Fury Road” (“Безумный Макс: Дорога ярости”) lentasynyň prikwelidir. Onuň premýerasy 2024-nji ýylyň 22-nji maýyna meýilleşdirilýär. Filmde Anýa Teýlor-Joý we Kris Hemswort surata düşdi.

Sanawyň yzyny “Argylle” (“Аргайл: Супершпион”) dowam etdirýär. Bu film ýazyjy Elli Konweýiň adybir romanyna esaslanýar. Lentany surata düşürmek üçin 200 mln dollar sarp edildi. Filmde baş gahrymanyň keşbini Genri Kawill ýerine ýetirýär. Şeýle-de, filme Braýs Dallas Howard, Jon Sina, Braýan Krenston, Sem Rokuell, aýdymçy Dua Lipa gatnaşýar.

Todd Fillipsiň “Joker: Folie a Deux” (“Джокер: Безумие на двоих”) kartinasynyň önümçiligine 150 mln dollar sarp edildi. Film kinoteatrlarda 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda – ilkinji filmiň relizinden bäş ýyl soň çykar. Dramanyň ikinji bölüminiň wakalary Artur Flegiň çagalyk döwrüni geçiren Arkhem psihiatrik bejeriş jaýynda bolup geçer. Jokeriň keşbini ýene Hoakin Feniks ýerine ýetirdi, Harli Kwinniň keşbini bolsa aýdymçy Ledi Gaga janlandyrdy.

Sanawda dördünji orny Sintiýa Eriwo we Ariana Grande bilen “Wicked” (“Злая”) eýeleýär (býujet: 145 mln dollar). Film iki bölüme bölner, olaryň birinjisi 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykar. Sýužet Oz ýurdunyň iki jadygöýi – zalym Elfabe (Eriwo) bilen rehimli Glindeniň (Grande) töwereginde ýaýbaňlanýar.

Bäşligi 130 mln dollar býujet bilen “Kraven the Hunter” (“Крэйвен-охотник”) filmi jemleýär. Bu film adybir gahryman baradaky Marvel komikslerine esaslanýar. Komiksleriň sýužetlerinde Kreýwen Möý adamy öldürmek isleýän ganhordyr. Baş keşbi Aaron Teýlor-Jonson, onuň kakasyny Rassel Krou ýerine ýetirdi. Filmiň premýerasy 2024-nji ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilýär.

düýn 23:54
442

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
499

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
383

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.3k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....