Täjigistan 2037-nji ýyla çenli «ýaşyl» ýurda öwrülmegi meýilleşdirýär

  • 07.01.2024 18:04
  • 5.3k+

Täjigistan «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmekde dünýäde öňdebaryjy döwlet bolmak bilen 2037-nji ýylda «ýaşyl» ýurda öwrüler.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon muny ýurduň mejlisine iberen ýüzlenmesinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylda Täjigistanda elektrik energiýasy gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, ýagny 100 göterim “ýaşyl” energiýa bilen üpjün edilipdi.
Döwlet Baştutany şu esasda halkara ülňülerine laýyklykda Täjigistanda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 2037-nji ýyla çenli aňryçäge çenli azaljakdygyny düşündirdi.

“Indi biziň ýurdumyz gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýasyny öndürmek boýunça dünýäde 6-njy ýerde durýar. 2025-nji ýylda “Rogun” gidroelektrik stansiýasynyň üçünji bölümini işe girizmegi meýilleşdirýäris. Bu maksat bilen 2023-nji ýylda döwlet býujetinden 5 milliarddan gowrak somoni bölünip berildi; häzirki wagtda asyryň bu möhüm desgasynda 15 müň hünärmen, işçi we 3,5 müň sany gurluşyk tehnikasy işleýär " - diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...