Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

  • 06.01.2024 23:01
  • 9.8k+

2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Oktýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde döwlet we Hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki Sammiti geçirmek teklibi beýan edildi. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Şeýle hem R.Meredow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda Azerbaýjanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Özbegistanda, Ýaponiýada, Koreýada, Gyrgyzystanda, Gruziýada, Türkiýede, Eýranda, Ermenistanda, Rumyniýada, Pakistanda, Hindistanda, Ukrainada, Germaniýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, kinofilmleriň we teatr oýunlarynyň görkezilişi, edebiýat agşamlary we bäsleşikler guraldy.
Şunuň bilen bir hatarda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna goşuldy, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň düzümine girizildi, Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......