Belarus Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň tertibini üýtgetdi

  • 06.01.2024 15:27
  • 22k+

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Belarusda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi.

Indi Belarusyň uniwersitetlerine okuwa gidýän Türkmenistanyň raýatlary (dalaşgärler) Belarusyň Salgyt kodeksine laýyklykda wiza üçin konsullyk tölegini tölärler.
Şol bir wagtyň özünde, Belarusda eýýäm okaýan türkmenistanly talyplar we Belarus uniwersitetlerine bellenen seneden ozal kabul edilen raýatlar uniwersitetiň statusyny tassyklaýan şahadatnama görkezilenden soň mugt okuw wizalaryny almagy dowam ederler.

«Mugt okuw wizalary daşary ýurt raýatynyň talypdygyny tassyklaýan bilim edarasynyň şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da ýokary okuw mekdebiniň resmi haty (möhleti üç aýdan geçmedik) iberlensoň berilýär» diýlip ilçihananyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal uniwersitetlerde ýokary bilim almak maksady bilen Belarusa girýän Türkmenistanyň ähli raýatlaryndan «okuw» kategoriýasyndaky wiza üçin konsullyk tölegleri alynmaýardy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......