ABŞ-nyň döwlet bergisi taryhda ilkinji gezek 34 trln dollardan geçdi

  • 04.01.2024 14:45
  • 16k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet bergisiniň mukdary 34 trln dollardan geçdi. Bu ýurduň Maliýe ministrliginiň statistiki maglumatlaryndan gelip çykýar.

Jedwelde 1993-nji ýyldan başlap maglumatlar göz öňünde tutulýar. 29-njy dekabra çenli (iň soňky maglumatlar) ýurduň umumy döwlet bergisi $34 trln 1 mlrd 493 mln barabar boldy. Bir gün öň ol 33,91 trln dollar diýlip çaklanyldy.
Döwlet bergisiniň 33 trln dollar bolan öňki rekord mukdary 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda hasaba alnypdy.
ABŞ-nyň döwlet bergisi federal hökümetiň karz berijileriň öňündäki bergisiniň mukdarydyr: karz berijiler hökmünde hem şahsy adamlar, mysal üçin, raýatlar ýa-da daşary ýurt maýadarlary, şeýle-de döwletler ýa-da uly gaznalar çykyş edip biler. Waşington eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän býujet ýetmezçiligini ýapmak üçin serişde karz alýar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......