Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedindäki «Garabogaz» gümrük nokadynyň durky täzelenip başlandy

  • 04.01.2024 12:38
  • 15k+

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi başlaýar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Resminama laýyklykda, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alynýar we gurnalýar.
«Garabogaz» gümrük nokady Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýär. Gümrük statistikasynyň görkezýän maglumatlaryna görä, soňky döwürde bu nokadyň üsti bilen geçýän ýükleriň, şol sanda üstaşyr geçýänleriň sany barha artýar.
Gümrük nokadynyň durkuny täzelemek bilen bagly taslamanyň maksady gümrük nokadynyň çägini giňeltmäge, ony täzeden enjamlaşdyrmaga we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gurluşyk işlerini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......