Konor Makgregor UFC-de indiki söweşi barada möhüm habar aýtdy

  • 31.12.2023 19:37
  • 20k+

Iki agram derejesinde UFC-iň öňki çempiony Konor Makgregor sosial ulgam sahypasynda özüniň indiki söweşine bagyşlanan täze ýazgyny çap etdi.

"Indiki söweşimiň haçandygyny we garşydaşymyň kimdigini Täze - 2024-nji ýylda yglan ederin" - diýip, Makgregor özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy.

Makgregoryň 2013-nji ýylda Dana Uaýtyň promouşeninde söweşiji bolandygyny ýatladýarys. Umuman alanyňda, Konor garyşyk söweş sungatynda 28 söweşe gatnaşyp, olaryň 22-sinde ýeňiş gazandy we altysynda ýeňildi. Irlandiýaly pälwan 2021-nji ýylyň tomsunda ýeňlenden bäri oktagona girmedi. Şonda UFC 264 ýaryşynda Makgregor ABŞ-nyň wekili Dastin Porýe bilen duşuşypdy. Konor aýagynyň döwülmegi sebäpli söweşden çykypdy.


07.06.2026 20:02
7.1k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......