Ronaldu 2023-nji ýylyň dünýä sportunyň ýyldyzlarynyň reýtinginde birinji orunda

  • 30.12.2023 16:56
  • 16k+

SMM bilen meşgullanýan Hopper HQ kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýä spotunyň ýyldyzlarynyň reýtingini hödürledi. Onuň lideri Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy.

Ikinji orny “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Üçünji orunda hindistanly kriketçi Wirat Kohli ýerleşdi. Dördünji orunda “Al-Hilýalyň” hüjümçisi Neýmar bar, bäşinji orun bolsa “Los-Anjelesiň” oýunçysy Lebron Jeýmse degişli boldy.
Häzirki möwsümde Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynda 17 oýna gatnaşyp, 19 gol we dokuz netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
“Al-Nasr” indiki oýnuny 30-njy dekabrda “Al-Taawuna” garşy geçirer. Oýun Saud Arabystanynyň çempionatynyň çäklerinde geçiriler. Toparlar Aşgabat wagty bilen 23:00-da meýdança çykarlar. Oýun 2023-nji ýylda “Al-Nasr” üçin iň soňky bolar.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....