Lionel Messi MLS-iň ýedi oýnuna gatnaşmaz

  • 29.12.2023 14:55
  • 11k+

“Inter Maýami” amerikan klubunyň oýunçysy Lionel Messi 2024-nji ýylda MLS-iň ýedi oýnuny sypdyrar. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu Argentinanyň milli ýygyndysynyň tomusda Amerikanyň Kubogyna gatnaşýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Ýaryş 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda geçiriler. MLS-iň tertibiniň FIFA bilen ylalaşylmandygy sebäpli iki ýaryşyň hem oýunlary bir wagtda geçer. 36 ýaşly hüjümçi öz toparyna “Filadelfiýa”, “Kolambus Krýu”, “Neşwill”, “Şarlott” we “Sinsinnati” ýaly garşydaşlar bilen duşuşyklarda kömek edip bilmez.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň MLS möwsümi 21-nji fewralda başlar.


şu gün 16:18
2.8k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....