Hytaýyň Bilim ministriniň orunbasary Aşgabada iş sapary bilen geldi

  • 29.12.2023 09:15
  • 5.4k+

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigi bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş we netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Munuň şeýledigini iki tarapyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlary, bilelikdäki maslahatlaryň, seminarlaryň, forumlaryň we sergileriň geçirilmegi subut edýär.
Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň alyş-çalyşygy, maglumat howpsuzlygy boýunça bilim we maslahat beriş çäreleriniň geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň meseleleri maslahatlaşyldy. Gysga we uzak möhletleýin ylmy-barlag hem-de bilim maksatnamalarynyň, lukmançylyk, oba-hojalygy, ekologiýa, nanotehnologiýalar, syýasaty öwreniş we başga ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň hem-de maslahatlarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşler Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran şu gezekki sapary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmakda ähmiýetli waka öwrüljekligi hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi hakynda bellediler.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......