«The Guardian» neşiri Holandy 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi

  • 27.12.2023 14:32
  • 6k+

Beýik Britaniýanyň «The Guardian» neşiri «Mançester Siti» toparynyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holandy 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi.

Ikinji orny Madridiň «Realynyň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingem, üçünji orny bolsa «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi.
Sanawda dördünji orny Harri Keýn (Angliýa, «Bawariýa»), bäşinji orny Rodri (Ispaniýa, «Mançester Siti»), altynjy orny Winisius Žunior (Braziliýa, «Real Madrid»), ýedinji orny Mohamed Salah (Müsür, «Liwerpul»), sekizinji orny Kewin De Bruýne (Belgiýa, «Mançester Siti»), dokuzynjy orny Wiktor Osimhen (Nigeriýa, «Napoli»), onunjy orny bolsa Lionel Messi (Argentina, «Inter Maýami») eýeledi.
22-nji dekabrda «Mançester Siti» 2023-nji ýyldaky klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda «Fluminenseni» ýeňdi. Şeýlelikde, şäherliler bu ýaryşdaky ilkinji çempionlygyny gazandylar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Pep Gwardiolanyň topary 10-njy iýunda Stambulda geçirilen final oýnunda Milanyň «Inter» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, Çempionlar ligasynda ilkinji gezek ýeňiji boldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......