Apple ABŞ-da iň täze nesil akylly sagatlarynyň satuwyny bes etdi

  • 27.12.2023 13:06
  • 4.3k+

Apple korporasiýasy ABŞ-nyň çäginde täze nesil akylly sagatlarynyň satuwyny düýbünden bes etdi.

ABŞ-nyň Halkara söwda boýunça komissiýasynyň (USITC) dekabr aýynyň ortalarynda mälim eden gadaganlygyndan soň, «Apple» sagatlary satuwdan aýryldy. 21-nji dekabrda «Apple Watch Series 9» we «Apple Watch Ultra 2» kompaniýanyň web sahypasyndan, 26-njy dekabrda bolsa ABŞ-daky dükanlardan ýitdi.
USITC-iň kararyna görä, korporasiýa ganyň kislorod bilen doýgunlyk derejesini kesgitlemek üçin datçik döredeninde beýlekileriň patentlerini ulandy. Bu aýratynlyk brendiň güýzde çykan sagatlarynda girizildi.
«Apple» onlaýn dükanynyň sahypalarynda täze sagadyň satyn almak üçin wagtlaýynça elýeterli däldigi bellenilýär. Kompaniýa «Apple Watch 9-yň» ýerine kompaniýanyň gandaky kislorodyň derejesini kesgitlemek aýratynlygy bolmadyk «Apple Watch SE» sagadyny işjeň mahabatlandyryp başlady. Çeşmelerde IT ägirdiniň akylly sagatlary satuwa çykarmak üçin elinden gelenini edýändigi aýdylýar.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....