Argentinada töleg hökmünde kriptowalýuta, et we süýt bilen şertnama baglaşmaga rugsat berildi

  • 26.12.2023 09:20
  • 8.6k+

Argentinanyň hökümeti ýurduň ýaşaýjylaryna we kompaniýalara töleg hökmünde kriptowalýuta bilen şertnama baglaşmaga rugsat berdi. Bu barada Respublikanyň daşary işler ministri Diana Mondino «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Onuň belleýşi ýaly, bu çäre döwlet ýolbaşçylarynyň täze özgertmeleri bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, diňe bir kriptowalýuta bilen däl, eýsem, önümleriň käbir görnüşleri bilen hem şertnama baglaşmak mümkin bolar.

«Argentinada Bitcoin, beýleki kriptowalýutalarda, etiň kilogramlarynda we süýt litrlerinde şertnamalar baglaşyp boljakdygyny tassyklaýarys» diýip, Daşary işler edarasynyň ýolbaşçysy düşündirdi.

Şol bir wagtyň özünde, Mondino ýurduň Prezidentiniň şertnamalar boýunça bergileri üzmek baradaky degişli permanyndan bölekleri paýlaşdy. Resminamanyň ýazgysyna görä, bergidarlar Respublikada ulanylyşynyň kanunydygyna ýa-da däldigine garamazdan, şertnamada görkezilen walýutada serişdeleri üpjün etmeli bolarlar.


06.02.2026 09:27
2.4k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.1k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.8k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...