Toyota howpsuzlyk ýassyklary bilen bagly mümkin meseleler zerarly 1 mln awtomobilini yzyna gaýtarar

  • 22.12.2023 13:08
  • 9.5k+

Toyota Motor konserni howpsuzlyk ýassyklary bilen bagly mümkin bolan näsazlyklar sebäpli ABŞ-da 1 milliona golaý awtomobili yzyna gaýtarmak kararyna geldi. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, Report habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gürrüň öňdäki ýolagçy oturgyjynda ýolagçyny anyklaýyş ulgamynyň datçiginiň näsazlygy barada gidýär. Bu gysga wagtlyk utgaşma getirip biler. Netijede, howpsuzlyk ýassygy çaknyşykda işlemän biler we bu şikes almak howpuny döreder. Kompaniýa bu näsazlyk sebäpli zyýan çekenleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada teswir bermekden saklandy.
Toyota 2020-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda öndürilen birnäçe modelleri, şol sanda Camry, Corolla sedanlaryny, RAV4 krossowerini hem-de Lexus ES we RX awtomobillerini anyklaýyş işlerini geçirmek we zerur bolan ýagdaýynda bejermek üçin yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär.


düýn 21:15
2.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......