Messi dördünji gezek Argentinada ýylyň türgeni saýlandy

  • 22.12.2023 10:40
  • 5.8k+

Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi Argentinada ýylyň türgeni diýlip ykrar edildi. Bu barada baýragyň resmi ýaýlymynyň sosial ulgamdaky sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berilýär.

Messi dördünji gezek bu baýraga mynasyp boldy – hiç kim «Altyn Olimpia» baýragyna beýle köp gezek mynasyp bolmandy.
2023-nji ýylda Messi «Pari Sen-Žermen» toparynyň düzüminde Fransiýanyň çempiony boldy we tomusda «Inter Maýami» bilen şertnama baglaşdy. Täze kluby bilen Messi ähli ýaryşlarda 14 oýun oýnady, şol oýunlarda 11 pökgi geçirip, 8 gol pasyny berdi. Argentinaly futbolçy toparyna taryhyndaky ilkinji kubogyny – MLS-iň we Meksikanyň çempionatynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Ligalaryň kubogyny almaga kömek etdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Messi «Altyn pökgi» baýragynyň sekizinji gezek eýesi boldy.
Ýylyň zenan türgeni hökmünde bolsa 3000 metr aralyga päsgelçilikli ylgawçy Belen Kasetta saýlandy. Ol 2023-nji ýyldaky Panamerika oýunlarynda 9 minut 39,47 sekunt netije görkezip, Günorta Amerikanyň rekordyny goýdy.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....