BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen energetika boýunça kararnama kabul etdi

  • 21.12.2023 21:49
  • 6.2k+

19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly kararnamany kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi.
Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, esasanda hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmekde durnukly ösüş pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi talap edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornuny ykrar etmek arkaly halkara hünärmenler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......