FourFourTwo Holandy ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi

  • 21.12.2023 17:16
  • 6.3k+

«Mançester Siti» toparynyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand «FourFourTwo» tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Häzirki dünýä çempiony argentinaly Lionel Messi bolsa altynjy orny eýeledi. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berilýär.

Holand bilen birlikde ilkinji üçlüge Madridiň «Realynyň» angliýaly ýarymgoragçysy Jud Bellingem we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýene bir  oýunçysy – tomusda «Tottenhemden» Mýunheniň «Bawariýa» toparyna geçen Harri Keýn girdi.
Ilkinji onlukda orunlar aşakdaky ýaly paýlanýar: 4. Kilian Mbappe (Fransiýa, «Pari Sen-Žermen»), 5. Rodri (Ispaniýa, «Mançester Siti»), 6. Messi («Inter Maýami»), 7. Bernardo Silwa (Portugaliýa, «Mançester Siti»), 8. Mohamed Salah (Müsür, «Liwerpul»), 9. Antuan Grizmann (Fransiýa, «Atletiko Madrid»), 10. Winisius Žunior (Braziliýa, «Real Madrid»).


şu gün 11:50
2.9k+

Semenýonyň ajaýyp goly «ManSitä» Angliýanyň Kubogynyň finalynda ýeňiş getirdi

«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi....

düýn 20:02
8.7k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.9k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.3k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....