HGI-de Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 20.12.2023 18:28
  • 4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde parahatçylyk ýörelgeleri we ruhy-ahlak gymmatlyklary» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirildi.

Duşuşyk Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, şeýle hem Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň, diplomatik akademiýalarynyň we merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda gibrid görnüşinde geçirildi.
Maslahatyň umumy mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, «Türkmenistanyň Gahrymany» Çynar Rustemowa, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň doktory, professor Z.Kurmanowyň, Kazan federal uniwersitetiniň Ýokary mekdebiniň Halkara gatnaşyklar, dünýä syýasaty we diplomatiýasy kafedrasynyň dosenti B.Alimowyň, TDU-nyň türkmen edebiýaty bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Şyhnepesowyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň Hazar ynsanperwer ylymlary institutynyň filosofiýa, medeniýeti öwreniş we ylahyýet bölüminiň başlygynyň kömekçisi D.Woroşilowyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň wekili Soner Saglamyň we beýlekileriň çykyşlary diňlendi.

Çykyşlar ajaýyp şahyryň gyzykly durmuşyna we baý döredijiligine bagyşlandy. Magtymguly Pyragynyň şu güne çenli ruhy paýhasyň tükeniksiz hazynasy, ahlak we watançylyk duýgularyň çeşmesi, ýaş nesil üçin edep-terbiýe mekdebi, umumadamzat gymmatlyklary hazynasynyň merjeni bolup duran eserleriniň ähmiýetiniň öçmejegi nygtaldy.Soňra halkara maslahat aşakdaky bölümlerde işini dowam etdirdi: «Magtymguly Pyragynyň döwletlilik baradaky taglymatynyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmekdäki esasy orny», «Magtymguly Pyragynyň filosofik we edep garaýyşlarynyň aň-bilim ähmiýeti», «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – adamzat medeniýetiniň hazynasyna goşant».
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan «Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki döwrüň möhüm mysallary» atly ylmy makalalar ýygyndysy gowşuryldy.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
842

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...