Brýusselde Türkmenistan — Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi geçirildi

  • 20.12.2023 18:05
  • 3k+

19-njy dekabrda Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi geçirildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri, bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň wekilleri, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň (ÝDHG) Dolandyryjysynyň Orunbasary, halkara hyzmatdaşlygy, söwda, energetika, hereket we ulag, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, şeýle hem gözleg we innowasiýa bilen meşgullanýan Ýewropa Komissiýasynyň dürli müdirlikleriniň düzümleri wekilçilik etdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we onuň dünýä ykdysadyýetiniň integrasiýasyna ymtylmalary, esasanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak islegleriniň çäklerinde ýokardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Energetika we daşky gurşaw meseleleri, gaz eksport strategiýalary, metanyň zyňyndylaryny azaltmak başlangyçlary we wodorod ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ulag, bilim, ýaşlar syýasaty, gözleg we innowasiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça baş müdirliginiň wekilleri, ÝDHG-niň wekilleri, Bilim we medeniýet boýunça Ýewropanyň ýerine ýetiriji gullugynyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirligi bilen geçirilen duşuşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.5k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......