Messi “Goal” portaly tarapyndan ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

  • 20.12.2023 21:00
  • 18k+

Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Goal.com portaly tarapyndan ýylyň oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

36 ýaşly Messi ýedinji gezek Goal-dan baýragyň eýesi boldy. Iň gowy oýunçyny saýlamak üçin ses bermäge 5 milliondan gowrak adam gatnaşdy.
Ikinji orny “Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Üçlügi Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem jemledi.
Dördünji orunda “PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe, bäşinji orunda bolsa “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne ýerleşdi.


şu gün 16:18
5.5k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....