Günorta koreýaly 4 aýakly robot 100 metr aralyga ylgamakda Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 20.12.2023 15:09
  • 13k+

Günorta Koreýanyň Hound atly dört aýakly robot badalgadan pellehana çenli 100 metr aralygy 19,87 sekuntda geçdi. Bu görkezilen ajaýyp netije. Netije Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Dinamiki dolandyryş we robotlary proýektirleýiş KAIST laboratoriýasy tarapyndan işlenip düzülen robotyň YouTube kanalynda ajaýyp ylgawyň wideo ýazgysy görkezildi.

Ýazgyda 45 kg agramly enjamyň stasionar ýagdaýdan başlandygy we ritmiki mehaniki ses çykaryp, aralygy nädip geçendigi görkezilýär. Sprinteriň yzyndan onuň işläp düzüjileriň toparyndan bolan  adam gözegçisi eli dolandyryş pultly, bile ylgady.
Ady “Ýyndam” diýip terjime edilýän robot ýokary tizlikli hereket etmek üçin niýetlenendir. 3 m / s tizlik bilen çalt ylgamakdan başga-da, ol otda hereket edip, uzak aralyklary geçip, 22° kötele çykyp we 35 sm beýiklikdäki päsgelçilikden geçip bilýär.
Hound tizlik rekordyny goýan ilkinji robot däl. 2012-nji ýylda Amerikanyň dört aýakly Cheetah awtoulagy 20 metre ylgap, sagatda 45,5 km tizlige ýetdi we dünýädäki iň çalt adam - ýamaýkaly sprinter Useýn Boltuň rekordyny täzeledi (44,7 km/sag).
Şeýle-de bolsa, Günorta Koreýanyň enjamy Boltuň 2009-njy ýylda 9,58 sekuntda 100 metr aralyga ylgamakdaky netijesinden pesdir.


12.05.2026 21:10
5.4k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....

04.05.2026 11:12
1.3k+

Lego konstruktory stratosfera uçurylandan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Awe Mariýa” taslamasy” («Проект “Аве Мария”») filminiň sýužeti esasynda döredilen Lego konstruktory stratosfera uçuşyndan soň dünýä rekordyny goýdy....

14.02.2026 18:31
7.5k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi...

09.01.2026 11:28
6.5k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...