Ispaniýaly Sançes Flores «Sewilýanyň» baş tälimçisi boldy

  • 19.12.2023 18:25
  • 5k+

Ispaniýanyň “Sewilýasy” täze baş tälimçini belledi. Ol 58 ýaşly Kike Sançes Flores boldy.

Mundan öň, boş wezipä Sewilýada doglan “Spartagyň” baş tälimçisi Gilýermo Abaskalyň çagyrylmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda boldy. Ýöne “Sewilýa” Kike Sançes Floresi saýlady.
“Sewilýa” möwsümi baş tälimçi Hose Luis Mendilibar bilen başlady, ol oktýabr aýynyň başynda işden çykaryldy. Diego Alonso bu wezipede 2 aý saklandy. Häzirki wagtda andalusiýalylar Ispaniýanyň çempionatynda 17-nji orny eýeleýärler.
Enrike (Kike) Sançes Flores “Hetafe”, “Walensiýa”, “Atletiko”, “Espanýol”, “Benfika”, “Al-Ahli”, “Şanhaý Şenhua”, “Uotford” klublaryna tälimçilik etdi. Onuň soňky iş ýeri “Hetafe” boldy, ol kluby aprel aýynda terk etdi.


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......