«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlyklygyna bellenildi

  • 16.12.2023 23:23
  • 6.8k+
«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlyklygyna bellenildi

«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig 77-nji Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlyklygyna bellenildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Kinematografçy zenanyň dünýädäki esasy film festiwallarynyň biriniň emin agzalaryna ýolbaşçylyk etjek ilkinji amerikan zenan režissýor bolandygy bellenilýär. Şeýle hem 40 ýaşly Gerwig Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň 1966-njy ýyldan bäri iň ýaş başlygy bolar – şol ýylda 31 ýaşly aktrisa Sofi Loren emin agzalaryna ýolbaşçylyk edipdi.
Geljek ýyl Kann kinofestiwaly 14 – 25-nji maý aralygynda geçiriler.

«Men filmleri: olary surata düşürmegi, tomaşa etmegi we olar hakda gürleşmegi gowy görýärin. Sinefiller (kinosöýüjiler) üçin Kann hemişe-de kinonyň ähliumumy diliniň bolup biläýjek iň ýokary nokady bolupdy we şeýle bolmagynda galýar» diýip, Gerwig belledi hem-de özüniň bu wezipä bellenendigine geň galandygyny we tolgunýandygyny aýtdy.


05.05.2024 14:46
3.7k+

Meril Strip Kann festiwalynyň abraýly “Altyn palma şahasyny” alar

Amerikaly aktrisa, üç gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Meril Strip 14-25-nji maý aralygynda geçiriljek 77-nji Kann film festiwalynyň hormatly myhmany bolar. Film festiwalynyň açylyşy güni kino sungatyna goşan önjeýli...

07.06.2023 16:03
9.4k+

2024-nji ýylda geçiriljek Kan festiwalynyň senesi belli boldy

Kan festiwalynyň direksiýasy indiki görkezilişiň geçiriljek senesini kesgitledi — ol 2024-nji ýylyň 14-25-nji maýynda geçiriler. Maksatnama gatnaşjaklar we eminler topary aprelde belli bolar. Şu ýylda ýakynda geçen...

28.05.2023 16:12
7.7k+

76-njy Kan kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

Lazur derýasynyň kenaryndaky 76-njy Kann kinofestiwaly tamamlandy. “Altyn palma şahasyny” Jýustin Triýeniň “Aşak gaçyş traýektoriýasy” (Anatomie d'une chute) atly kazyýet dramasy aldy. Triýe Kannyň taryhynda Jeýn Kempiondan (“Pianino”)...

22.04.2023 10:31
4.2k+

76-njy Kann kinofestiwalynyň resmi posteri görkezildi

Internet torunda 76-njy Kann kinofestiwalynyň resmi posteri peýda boldy. Şu ýyl kinofestiwal 16-njy maýdan 27-nji maý aralygynda geçiriler. Afişa üçin “Bulaşyklyk” filminden Katrin Denýowly kadr ulanyldy. Bu barada thecity...