76-njy Kann kinofestiwalynyň resmi posteri görkezildi

  • 22.04.2023 10:31
  • 4.2k+
76-njy Kann kinofestiwalynyň resmi posteri görkezildi

Internet torunda 76-njy Kann kinofestiwalynyň resmi posteri peýda boldy. Şu ýyl kinofestiwal 16-njy maýdan 27-nji maý aralygynda geçiriler. Afişa üçin “Bulaşyklyk” filminden Katrin Denýowly kadr ulanyldy. Bu barada thecity.m24.ru habar berýär.

Esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň başlygy hökmünde geçen ýyl baýragyň eýesi bolan “Gussalyk üçburçlygy” filminiň režissýory Ruben Estlund saýlandy. Festiwaly baş keşbi Jonni Deppiň ýerine ýetirmegindäki “Žanna Dýubarri” atly taryhy drama açar. Pixar studiýasynyň “Elementary” filmi iň soňky görkeziler.
Festiwalyň çäginde garaşsyz “Režissýorlaryň iki hepdeligi” atly programma geçiriler. Oňa Kwentin Tarantino ýolbaşçylyk eder. Ol kinonyň taryhy barada leksiýa okar we gizlin görkeziş geçirer.
1968-nji ýylyň “Bulaşyklyk” filmini Alen Kawalýe surata düşürdi. Bu 25 ýaşly Lýusiliň, 40 ýaşly baý adam Şarlyň we ýaş ýigit Antuanyň söýgi üçbürçlugy hakyndaky wakadyr.


05.05.2024 14:46
3.8k+

Meril Strip Kann festiwalynyň abraýly “Altyn palma şahasyny” alar

Amerikaly aktrisa, üç gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Meril Strip 14-25-nji maý aralygynda geçiriljek 77-nji Kann film festiwalynyň hormatly myhmany bolar. Film festiwalynyň açylyşy güni kino sungatyna goşan önjeýli...

16.12.2023 23:23
6.8k+

«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlyklygyna bellenildi

«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig 77-nji Kann kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlyklygyna bellenildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Kinematografçy zenanyň dünýädäki esasy film festiwallarynyň biriniň...

07.06.2023 16:03
9.4k+

2024-nji ýylda geçiriljek Kan festiwalynyň senesi belli boldy

Kan festiwalynyň direksiýasy indiki görkezilişiň geçiriljek senesini kesgitledi — ol 2024-nji ýylyň 14-25-nji maýynda geçiriler. Maksatnama gatnaşjaklar we eminler topary aprelde belli bolar. Şu ýylda ýakynda geçen...

28.05.2023 16:12
7.7k+

76-njy Kan kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

Lazur derýasynyň kenaryndaky 76-njy Kann kinofestiwaly tamamlandy. “Altyn palma şahasyny” Jýustin Triýeniň “Aşak gaçyş traýektoriýasy” (Anatomie d'une chute) atly kazyýet dramasy aldy. Triýe Kannyň taryhynda Jeýn Kempiondan (“Pianino”)...