Messiniň alty köýnekçesi auksionda 7 mln ýewro satyldy

  • 15.12.2023 15:41
  • 12k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda geýen alty köýnekçesi Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 7 mln ýewro satyldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Bu 2023-nji ýylda häzirki auksionda satylan sport ýadygärlik zatlarynyň arasynda bahasy boýunça rekorddyr. Ýöne Sotheby’s auksionynyň taryhynda sport zatlarynyň arasynda iň ýokary baha Maýkl Jordanyň 1998-nji ýyldaky MBA-nyň finalynda geýen köýnekçesine degişli, ol 2022-nji ýylda 9,1 mln ýewro satyldy.
Lionel Messi dünýä çempionatynda gatnaşan ýedi oýnunyň altysyndan köýnekçelerini auksiona berdi: dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň üç oýnunyň ikisinden, 1/8 finalyň Awstraliýa garşy oýnundan (2:1), 1/4 finalyň Niderlandlara garşy oýnundan (2:2, ýeňiş penalti tapgyrynda – 4:3), 1/2 finalyň Horwatiýa garşy oýnundan (3:0) we Fransiýa garşy final oýnunyň birinji ýarymyndan (3:3, ýeňiş penalti tapgyrynda – 4:2).

“Messiniň oýunlarda geýen bu köýnekçeleri onuň mirasynyň artefaktlarydyr. Olar Messiniň irginsiz zähmet bilen doly karýerasynyň kulminasiýasyny we onuň owadan oýna bolan ebedi hyjuwyny alamatlandyrýar. Ýakyn ýyllarda bu köýnekçeler Messiniň beýikligi we onuň futbol taryhynda galdyran öçmejek yzy barada ýatlama bolup hyzmat eder” – diýip, auksionyň resmi saýtynda aýdylýar.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....