TikTok dünýäde 10 milliard dollar gazanan ilkinji oýun däl programma boldy

  • 15.12.2023 13:42
  • 6.3k+

Data.ai programma seljeriş üpjün edijisiniň soňky maglumatlaryna görä, TikTok 10 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji oýun däl ykjam programma boldy. TikTok-yň gysga wideolar programmasynyň işjeň ulanyjysy 2021-nji ýylda her aýda 1 milliard artdy. Apple App Store-da we Google Play -de 10 milliard dollar gazanan platformanyň täze rekordy barada belli boldy.

Ondan öň diňe King/Activision Blizzard-iň 12 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan Candy Crush Saga-sy, şeýle hem Tencent-iň King of Honour-y, XFLAG/Mixi-iň Monster Strike-y we Supercell-iň Clash of Clans ýaly oýunlary şeýle üstünlikleri bilen öwnüp bilerdi.
Hasabatda TikTok-yň 2023-nji ýyla 6,2 milliard dollardan gowrak sarp ediji çykdajylary bilen aýak basandygy we ýylyň dowamynda ýene 3,8 milliard dollar goşup, 61 göterim ösüşi görkezendigi bellenilýär. Data.ai-nyň habaryna görä, bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 15% ýokarydyr. Esasy zat, hasabat diňe TikTok-yň iOS-däki we Google Play-däki sarp edijileriniň çykdajylary öz içine alýar, onda Hytaýdaky üçünji tarap Android programma dükanlarynyň maglumatlary ýok. Ýagny, TikTok -yň hakyky girdejisi hasam ýokary bolup biler.
TikTok programmanyň içinde “şaýlyklary” satyp pul gazanýar. Bu ulanyjylaryň platforma üçin sarp edip biljek wirtual pul birligi. Şeýlelik bilen olar mazmuny döredijileri sylaglap ýa-da ony hakyky pula çalşyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, TikTok komissiýa üçin 50% tutýar. Programmada iň meşhur satyn alyş 19,99 dollar bahasy bolan 1321 teňňe. TikTok-yň, mahabat ýaly, beýleki girdeji çeşmeleri data.ai derňewine goşulmady.


24.01.2026 15:31
2.9k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

01.09.2025 14:18
4.2k+

TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär...

19.06.2025 09:53
9.9k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

03.04.2025 13:46
8.3k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...