Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

  • 14.12.2023 16:56
  • 14k+

2023/2024 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 6-njy tapgyr oýny tamamlandy we onuň netijesinde ýaryşyň pleý-offuna 16 gatnaşyjynyň ählisi belli boldy.

Öz toparçalaryndan birinji orunlardan 1/8 finala “Bawariýa”, “Arsenal”, “Real”, “Real Sosýedad”, “Atletiko”, Dortmundyň “Borussiýasy”, “Mançester Siti” we “Barselona” çykdy. Ikinji orunlardan pleý-off tapgyryna “Kopengagen”, PSW, “Napoli”, “Inter”, “Lasio”, “PSŽ”, “Leýpsig” we “Portu” çykdy.
Şeýlelik bilen, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda, esasan, Ispaniýanyň toparlary agdyklyk eder (“Barselona”, “Real”, “Atletiko”, “Real Sosýedad”). Bu tapgyrda üç wekil Italiýadan (“Napoli”, “Inter”, “Lasio”) we Germaniýadan (“Bawariýa”, Dortmundyň “Borussiýasy”, “Leýpsig”), iki wekil Angliýadan (“Mançester Siti”, “Arsenal”), bir wekil Portugaliýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan we Daniýadandyr.
Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişigi duşenbe güni, 18-nji dekabrda bolar. Düzgüne görä, pleý-offuň birinji tapgyrynda bir assosiasiýadan bolan, şeýle-de bir toparçada oýnan toparlar duşuşmaz. 1/8 final oýunlary 2024-nji ýylyň 13-14-nji, 20-21-nji fewralyna we 5-6-njy, 12-13-nji martyna meýilleşdirilýär.


10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:02
4.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

03.06.2026 15:45
13k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

01.06.2026 19:46
10k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....