«Globe Soccer Awards» baýragyna dalaşgärleriň sanawy belli boldy

  • 14.12.2023 16:43
  • 11k+

Hüjümçiler «Al-Nasrdan» Kriştianu Ronaldu, «Inter Maýamiden» Lionel Messi, «PSŽ-den» Kilian Mbappe we «Mançester Sitiden» Erling Holand «Globe Soccer Awards-yň» wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärlige hödürlendiler diýip, bu baýragyň «X» sosial ulgamyndaky resmi hasabynda habar berilýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Dubaýda geçiriler. Bu baýragyň häzirki eýesi fransuz Karim Benzemadyr.
Şeýle hem Jud Bellingem we Winisius Žunior (ikisi hem «Real Madrid»), Kewin De Breýne we Bernardu Silwa (ikisi hem «Mançester Siti»), Karim Benzema («Al-Ittihad»), Wiktor Osimhen («Napoli») we Mohamed Salah («Liwerpul») ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyny almak ugrunda bäsleşerler.
«Globe Soccer Awards» Ýewropa futbol klublary assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Bu baýrak 2010-njy ýyldan bäri gowşurylýar.


düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......