Huawei Fransiýada zawod gurar

  • 14.12.2023 09:27
  • 6.8k+

Hytaýyň Huawei korporasiýasy Ýewropadaky kynçylyklara garamazdan, Fransiýada zawod gurar. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, Huawei Fransiýada zawodyň gurluşygyna 2024-nji ýylda başlar. Çeşme IT ägirdiniň gurluşyga 2020-nji ýylda başlamagy meýilleşdirendigini we hatda 200 mln ýewro möçberde maýa goýum belländigini, ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli meýilnamalary üýtgetmeli bolandygyny habar berýär.
Ýatlap geçsek, Huawei ABŞ-nyň sanksiýalary we ol ýa-da beýleki bir görnüşde ÝB-niň ýurtlarynyň oňa goşulmagy sebäpli kynçylyklara duçar boldy. Fransuz häkimiýetleri ýerli operatorlara Huawei-den tor aragatnaşygy üçin enjamlary ulanmagy gadagan etdiler, ýöne 2022-nji ýylda kompaniýanyň ygtyýarnamasyny uzaltmak kararyna geldiler. Çeşmeler Hytaýyň Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan soň Fransiýanyň üçünji uly söwda hyzmatdaşydygyny belleýärler.
Fransiýada desganyň 2025-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Zawod Strasburgyň golaýyndaky Brýumat kommunasynda ýerleşer. Zawod ykjam aragatnaşyk torlary üçin enjamlary öndürer.


20.06.2026 09:49
2.5k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

18.05.2026 14:50
2k+

LVMH kompaniýasy tas 30 ýyllap eýelik eden Marc Jacobs brendini satýar

Fransiýanyň LVMH kompaniýasy otuz ýyla golaý eýelik eden Marc Jacobs brendini WHP Global kompaniýasyna satmak barada ylalaşyk baglaşdy....