Ronaldu 2023-nji ýylda geçiren gollarynyň sany boýunça Holand bilen deňleşdi

  • 13.12.2023 15:22
  • 10k+

“Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda 50 gol geçirdi. 38 ýaşly portugaliýaly oýunçy Saud Arabystanynyň patyşasynyň Kubogynyň dörtden bir final oýnunda “Al-Şababyň” derwezesine gol girizdi

Şeýlelik bilen, Ronaldu klub we milli topar üçin 49 gol geçiren hüjümçiler Garri Keýn bilen Kilian Mbappeden öňe geçdi we hüjümçi Erling Holandyň yzyndan ýetdi (50 gol).
“Al-Nasr” “Al-Şababy” 5:2 hasabynda utup, ýaryşyň ýarym finalyna çykdy. Indi topar “Al-Halij” bilen duşuşar.
Häzirki möwsümde Ronaldu “Al-Nasr” üçin ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 20 gol we 10 netijeli geçirim ýazdy.


şu gün 16:18
5.5k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....