Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hormatly ilçiler!
Däp bolşy ýaly, biz Täze ýylyň öň ýanynda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek, geljekde öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin duşuşýarys. Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys.
2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny bellemek isleýärin. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi. Parlamentara gatnaşyklaryň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar muny aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem biziň ýurdumyz dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanyldy.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär. Netijede, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselesi ählumumy häsiýete eýe bolup durýar. Onuň täsirlerine garşy göreşmekde dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek zerurdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm waka boldy. Bu maslahatda biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bu çözgüt geljekde Türkmenistanyň halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler we ýöriteleşdirilen institutlar bilen hyzmatdaşlygyny kesgitlär. Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýurdumyzyň pudagara toparyna Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň meýilnamasyny düzmegi tabşyrýaryn.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň syýasy-diplomatik taýdan işjeňleşdirilmegi zerurdyr. Bu ugurda ilkinji uly ädim ädildi. Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary Türkmenistanda we Merkezi Aziýa döwletlerinde ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny işläp düzmek üçin şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ýurdumyzda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak üçin Birleşen Milletler Guramasy we hyzmatdaş ýurtlar bilen işleri dowam etdirmeli.
Hormatly adamlar!
Türkmenistan parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýär. Muny Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak baradaky teklibi aýdyň tassyklaýar. Bu babatda dünýä ösüşiniň meýilleri hem-de häzirki döwrüň möhüm ýagdaýlary nazara alynmalydyr. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyç toparyny döretmek boýunça Daşary işler ministrligine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu işlere başlamagy tabşyrýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi. Ony Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda dialog medeniýetini ykrar etmäge gönükdirilen tagallalary hem tassyklaýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Biz bu guramanyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk eýereris. Aýratyn-da, döwletara dialog üçin esas hökmünde Milletler Bileleşiginiň ornuny dikeltmek hem-de berkitmek işlerini alyp bararys.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik maksady üýtgewsiz bolmagynda galýar. Munuň özi içerki ösüşi gazanmak üçin amatly halkara şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýakyn goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy alyp barmak döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Biziň ýurdumyz sebitde, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürer. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda we sebit hyzmatdaşlygynyň beýleki görnüşlerinde gazanylýan möhüm ylalaşyklary hem-de çözgütleri takyk ýerine ýetirmek üçin biz zerur işleri geçirmelidiris. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary şu ýyl geçirilen gepleşikleriň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlar hökmünde esasy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu meseleler sebiti ösdürmekden, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekden, ekologik howplara garşy göreşmekden ybaratdyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen altynjy sammitinde gazanylan ylalaşyklary doly ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli işleri alyp barmaly. Şeýle hem Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa laýyklykda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmeli.
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrar. Biz Aziýadan Ýewropa multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmeli. Ýaňy-ýakynda «Bir guşak, bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumynyň ýokary derejeli maslahatynda biziň ýurdumyz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ulag geçelgesiniň taslamasyny teklip etdi. Bu taslama boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli gyzyklanýan taraplar bilen anyk we maksada gönükdirilen dialogy ýola goýmaly.
Biziň ýurdumyzy Ýewropa döwletleri bilen energetika, ulag, tehnologiýalar we ençeme beýleki ugurlar boýunça geljegi uly meýilnamalar hem-de maksatnamalar baglanyşdyrýar. Bu meýilnamalardyr maksatnamalara anyk many-mazmun bermeli.
Orta Gündogar ýurtlary Türkmenistanyň öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarydyr. Bu ýurtlar bilen bizi diňe çuň taryhy gatnaşyklar däl-de, häzirki ösüşiň oňyn mümkinçilikleri hem birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, biz bu gurama girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmeli.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary has-da ösdürildi. Bu hyzmatdaşlygymyzy täze «Merkezi Aziýa — aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşiniň çäklerinde-de pugtalandyrmaly. Bular geljegi örän uly bolan ugurlardyr. Şoňa görä-de, şeýle hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplaryna üns bermeli.
Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris. Şol ugurlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy bellemek isleýärin. Munuň özi howpsuzlyk, şol sanda azyk we ekologik meseleleri, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegi, halkara söwdada ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramagy öz içine alýar. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem giň mümkinçilikler bar.
Halkara hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn üns bermeli. Soňky ýyllarda Türkmenistan parlament wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe iri forumlary geçirmegi öňe sürdi we olaryň guramaçysy boldy. Biz bu işi dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi parlament gatnaşyklaryna işiň aýratyn ugry hökmünde garamaly we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde geljegi uly halkara çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaly.
Hormatly adamlar!
Görşüňiz ýaly, geljekde köp işleri ýerine ýetirmeli. Halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda siziň uly işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn.
(2023-nji ýylyň 11-nji dekabry)