Amerikaly boksçy dünýä çempiony boldy

  • 12.12.2023 09:48
  • 27k+

Amerikaly boksçy Dewin Heýni San-Fransiskoda geçirilen boks agşamynyň esasy wakasynda watandaşy Rejis Progreýsden üstün çykyp, WBC-niň wersiýasyna görä, birinji ýarym orta agramda dünýä çempiony titulyna eýe boldy.

Söweş 12 raund dowam etdi we emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Heýniniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Ýeňilmedik Heýni üçin bu ýeňiş karýerasynda 31-nji boldy. Progreýs 31 söweşinden ikinji söweşinde ýeňildi.
Heýni ýeňil agramda WBC-niň (2020 – 2023), WBA Super-iň (2022 – 2023), IBF-niň (2022 – 2023), WBO-nyň (2022 – 2023) öňki absolýut dünýä çempionydyr. Ol professional ringde ilkinji gezek 2015-nji ýylyň 11-nji dekabrynda, 17 ýaşynda çykyş etdi. Şonda meksikaly Gonsalo Lopesi birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.
Progreýs – birinji ýarym orta agram derejesinde dünýä çempiony (WBA 2019; WBC, 2022 – 2023). Ol professional ringde ilkinji gezek 2012-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykyş etdi we birinji raundda nokaut bilen ýeňiş gazandy.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....