Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen küşt festiwalynda ýeňiş gazandy

  • 11.12.2023 14:52
  • 11k+

Aşgabatly 24 ýaşly zehinli küştçi Saparmyrat Atabaýew şu gün Özbegistanyň paýtagtynda tamamlanan «Rokirowka-2023 Masters» küşt festiwalynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistandan onunjy grossmeýster boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri Türkmenistanyň Küşt federasiýasyna salgylanyp habar berdi.

9 tapgyrda Şweýsariýa sistemasy boýunça geçirilen Daşkent ýaryşyna 6 ýurtdan 62 küştçi – halkara grossmeýsterleriň üçüsi, halkara ussatlaryň bäşisi we FIDE-niň ussatlarynyň hem bäşisi gatnaşdy.
Altynjy tapgyrda esasy bäsdeşi – ABŞ-ly halkara grossmeýster Timur Gareýewden (Elo/FIDE görkezijisine 2570) üstün çykandan soň, Saparmyrat Atabaýew mümkin bolan alty utukdan 6 utuk gazanyp ýeke-täk lider boldy. Soňky üç oýunda ýene 1,5 utuk toplady we netijede ýaryşy 7,5 utuk bilen tamamlady. T.Gareýew bilen utugy deň bolsa-da, şahsy duşuşykda ýeňiş gazananlygy üçin S.Atabaýew birinji orny eýeledi. Täjigistanly halkara ussady Muhammet Husenhojaýew 7 utuk bilen bürünç medal gazandy.
Ýaryşdan öň Elo/FIDE görkezijisinde 2497-ä eýe bolan Saparmyrat Hindistanda geçirilen Aziýa çempionatynda we Eýranda hem-de Hytaýda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýylyň dowamynda gazanan grossmeýsterlik üç bal gazanyp, 9 tapgyrda görkezijide ýene 7 punkt toplap, halkara grossmeýsteri derejesini almak üçin zerur 2500 baldan ýokary netijä ýetdi. Halkara Küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) indiki mejlisinde bu çözgüt resmileşdiriler.
Netijede, Saparmyrat Atabaýew soňky iki ýylda Türkmenistandan üçünji grossmeýster boldy. Geçen ýyl Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Meýlis Annaberdiýew ýurduň sekizinji grossmeýsteri boldy. Şu ýylyň başynda Saparmyradyň doganoglany Ýusup Atabaýew bu hormatly ada eýe boldy. Ondan öň, 2015-nji ýylda Saparmyradyň agasy Maksat Atabaýewe halkara grossmeýster derejesi berildi.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....