Yzky tekerleri hem öwrülmäge ukyply Mercedes-AMG CLE 53 kupesi tanyşdyryldy

  • 11.12.2023 14:01
  • 14k+

«Mersedes-Benz» doly derejede dolandyrylýan şassisi bolan «Mersedes-AMG CLE 53» kupesini tanyşdyrdy. 4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip bilýän awtoulagyň öňdäki tekerleri hem, yzky tekerleri hem öwrülmäge ukyplydyr.

Sagatda 100 km tizlikde öwrüm edilende, yzky tekerler öňdäki tekerleriň öwrümine ters tarapa iň köp 2,5 gradus sowulýar. Bu ulagyň has sazlaşykly hereket etmegine we rula düşýän agramyň azalmagyna kömek edýär. Sagatda 100 km-den ýokary tizlikde öwrüm edilende, yzky tekerler öňdäki tekerler bilen bir tarapa öwrülýär, ýöne bary-ýogy 0,7 gradus. Bu awtoulagyň durnuklylygyna oňyn täsir edýär diýip, «Mersedes-Benz» düşündirýär.
Iki gapyly «C-Class» we «E-Class» ulaglarynyň ornuny tutýan täze kupeniň kapotynyň aşagynda üç litrlik turbo görnüşli alty silindrli hereketlendiriji oturdyldy. Ol 443 at güýji kuwwat we aýlaw pursatynda 550 Nm öndürýär. Bu görkeziji 12 sekundyň dowamynda 600 Nm çenli ýokarlandyrylyp bilner. Ulagyň motory 9 basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy bilen işleýär. «Mersedes-AMG CLE 53» üçin ähli tekerleri hereketli ulgam göz öňünde tutulandyr.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....