Honda ýangyç ulgamyndaky näsazlyk sebäpli million awtoulagyny yzyna çagyrar

  • 10.12.2023 23:58
  • 6.4k+

«Honda Motor» awtoulag konserni ýangyç ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli içerki bazarda satylan 1 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrmak kararyna geldi.

2017-nji ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli satylan 25 dürli modele degişli jemi 1,13 million ulagyň yzyna çagyryljakdygy bellenilýär. Ýangyç nasosy bilen baglanyşykly näsazlyklar motoryň öz-özünden öçmegine sebäp bolup biler.
Şu güne çenli Ýaponiýanyň Ulag ministrligine görkezilen modellere degişli 394 sany ulagyň hereketlendirijisiniň öz-özünden öçendigi mälimdir, ýöne bu näsazlyk bilen baglanyşykly ýol-ulag heläkçiliginiň ýokdugy bellenilýär.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......