Çiro Immobile Çempionlar ligasynyň bäşinji oýun hepdesiniň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy

  • 07.12.2023 14:38
  • 4.2k+

«Lasionyň» hüjümçisi Çiro Immobile Çempionlar ligasynyň bäşinji oýun hepdesiniň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy diýip, UEFA-nyň web sahypasynda habar berilýär.

Italiýaly hüjümçi 2:0 hasabynda tamamlanan Şotlandiýanyň «Seltik» toparyna garşy oýunda dubl bilen tapawutlandy. Immobile duşuşygyň 82-nji we 85-nji minutlarynda pökgini derwezä saldy.
Şeýle hem beýleki dalaşgärleriň hatarynda «Galatasaraýyň» ýarymgoragçysy Hakim Ziýeş, «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Fil Foden we «Benfikanyň» ýarym goragçysy Žoau Mariu bar.
Mariu «Inter» bilen geçirilen oýunda (3:3) het-trik amala aşyrdy. Foden «Leýpsige» garşy duşuşykda bir pökgi geçirdi we iki ýardam pasyny berdi. Ziýeş «Mançester Ýunaýted» bilen oýunda (3:3) bir pökgi geçirdi.
Çempionlar ligasyndaky ilkinji dört oýun hepdesiniň netijelerine görä, «Portunyň» ýarymgoragçysy Galeno, «Atletikonyň» hüjümçisi Alwaro Morata, «Portunyň» hüjümçisi Ewanilson we «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Min iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi.


şu gün 16:18
5.5k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....