Superkompýuter Çempionlar ligasynyň ýeňijisini saýlady

  • 07.12.2023 14:17
  • 7.8k+

Superkompýuter 10 müň oýun simulýasiýasyny geçirip, häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň ýeňijisini aýtdy. Muny Tengri Sport ýetirýär.

Ýaryşyň ýeňiş gazanmaga ýakyn toparlary Angliýanyň “Mançester Sitisi” we “Arsenaly”, şeýle-de Germaniýanyň “Bawariýasy” boldy.
“Kubogy almaga “Mançester Sitiniň” mümkinçiligi has ýokary, klub ýaryşyň esasy faworiti hasaplanýar. Superkompýuteriň seljermesine görä, bu toparyň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 38,9 göterime barabar. Reýtingiň ikinji ornunda Mýunheniň “Bawariýasy” ýerleşýär (10,9 göterim), onuň yzyndan Londonyň “Arsenaly” gelýär (8,7 göterim).
ÇL-de gazanan kuboklarynyň sany boýunça rekord eýesi bolan Madridiň “Realy” dördünji orny eýeleýär. Italiýanyň “Inter” kluby bäşligi jemleýär” – diýip, Vesti.kz saýty belleýär.


04.06.2026 19:55
4.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 23:03
6.4k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

03.06.2026 00:14
3.5k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......