Türkmenistan 2024 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

  • 07.12.2023 13:47
  • 3.2k+

Türkmenistan biragyzdan BMG-niň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, degişli karar 5-nji dekabrda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde kabul edildi.

Türkmenistan bu komissiýanyň düzümine 2016 — 2020, 2020 — 2024-njy ýyllar döwri üçin hem yzygiderli saýlanypdy.
Ilat we ösüş komissiýasy BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň hereket edýän komissiýalarynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika pudagyndaky meseleler we ýörelgeler, bu ugurda global strategiýalaryň milli we sebit maksatnamalaryna we meýilnamalaryna goşulyşmagy ýaly meseleler boýunça utgaşdyryjy we maslahat beriji edarasy bolup durýar.
Komissiýanyň hemişelik sekretariaty BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça müdiriýetiniň Ilat bölümi bolup durýar.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti komissiýanyň her ýyl Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän mejlislerine gatnaşýarlar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......