Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 07.12.2023 13:28
  • 7.4k+

5-nji dekabrda Bişkek şäherinde Prezidentiň «Ala-Arça» kabulhanasynda ilçi N.Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda ilçi Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. 
Prezident S.Žaparow Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda ilçiden Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iň ýakymly sözleri we dostlukly salamlaryny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......