Time žurnaly Messini ýylyň türgeni diýip yglan etdi

  • 06.12.2023 19:45
  • 10k+

Amerikanyň Time žurnalynyň wersiasyna görä “Inter Maýami” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýylyň türgeni diýip yglan edildi.

Neşir Messiniň gelen kararyna teswir berip, oýunçynyň dünýä çempionatynda ýeňiji bolandan soň, beýleki köp sanly meşhur futbolçynyň göreldesine eýerip, Saud Arabystanyna gitmän, Dewid Bekhemiň teklibini kabul edendigini we “Inter Maýami” üçin MLS-de oýnamaga geçendigini belleýär.
Time neşiri argentinaly oýunçynyň futbolyň beýlebir meşhur bolmadyk ýeri bolan ABŞ-da futbolyň töwereginde tolgunyşyk döretmegi başarandygyny belleýär. Time-yň bellemegine görä, ol Kim Kardaşýan we LeBron Jeýms ýaly ýyldyzlaryň ünsüni özüne çekipdir we öý oýunlaryna gatnaşýanlaryň sanyny artdyrypdyr.
Messi taryhda iň beýik futbolçylaryň biridir. Ol ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylan “Altyn top” baýragynyň sekiz gezek eýesi boldy. Bu rekord san. Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempionatynda (2022), Amerikanyň Kubogynda (2021) we Olimpiýa oýunlarynda (2008) ýeňiji boldy.
2022-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Messi ilkinji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....