Aşgabatda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

  • 06.12.2023 08:45
  • 3.8k+

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.
Maslahatyň dowamynda şeýle duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.
Uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda üstünlikli işleýändigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.
Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki döwrüň şertlerini we Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleri milli, sebit hem-de ählumumy derejede çözmek babatda durmuşa geçirýän maksada gönükdirilen başlangyçlaryny nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar. Maýa goýumlar hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi, esasy ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamasy bellenildi. Şunda soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklarynyň göz öňünde tutulmagy taraplaryň ikisiniň hem anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle hem işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. «Case New Holland Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......