Time tarapyndan “ýylyň adamy” adyna dalaşgärleriň gysga sanawy hödürlendi

  • 05.12.2023 21:41
  • 7.6k+

«Time» amerikan žurnaly «Ýylyň adamy» adyna dalaşgärleriň gysga sanawyny hödürledi. Bu barada TASS habar berýär.

Şeýlelikde, dalaşgärleriň arasynda Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III, “Barbi” filminden Barbi gurjagy, amerikaly aýdymçy Teýlor Swift, HHR-iň prezidenti Si Szinpin, ChatGPT-ini işläp düzüji Sem Altman, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, şeýle-de Golliwudyň ssenariýaçylary we aktýorlary bar.
Ýeňiji çarşenbe güni – 6-njy dekabrda yglan ediler.
«Time» žurnaly 1927-nji ýyldan bäri her ýyl «Ýylyň adamyny» saýlaýar. 2022-nji ýylda bu adyň eýesi Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, 2021-nji ýylda telekeçi Ilon Mask boldy.
1927-nji ýylda bu titula ilkinji bolup taryhda ilkinji gezek Atlantikanyň üstünden ýeke uçup geçen amerikaly uçarman Çarlz Lindberg eýe boldy. Ýylyň adamy 70 gezekden gowrak syýasy we jemgyýetçilik işgärleri boldy. Olaryň arasynda Mahatma Gandi (1930), Uinston Çerçill (1940, 1949), Ýelizaweta II (1952), Şarl de Goll (1958), Martin Lýuter King (1963) we beýlekiler bar.

şu gün 09:58
1k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

şu gün 09:24
842

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8.3k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....