Mercedes-Benz körpeleri hem ünsden düşürenok. Kompaniýa çaga kalýaskalaryny çykardy

  • 05.12.2023 21:14
  • 13k+

Mercedes-Benz markasy we onuň Mercedes-AMG bölümi nemesleriň Hartan çaga kalýaskalaryny öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda kalýaskalaryň täze seriýasyny hödürledi. Oňa All-Terrain, Avantgarde we Performance wersiýalary, şeýle hem AMG GT2-iň çäkli nusgadaky kalýaskalary girýär. Olaryň esasy özboluşly aýratynlygy “wegan” materialyndan bolmagydyr.

 

Aýratynam sallançagynyň ýasalan innowasiýa materialyna Vegan Leatherette diýilýär. Daşyndan görnüşine görä we elläp göreňde ol eýi ýetirilen  tebigy derä meňzeýär. Şeýle-de bolsa, onda haýwanlardan alnan önüm düşnügi ýok. Ol 100 000 sürtülmä çenli çydamlydyr.
All-Terrain GTR seriýaly çaga kalýaskalary puržin podweskada çişirilýän şinalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar islendik tekizlikdäki ýerde aňrybaş rahat sürülýär. Kalýaskanyň çagany Günden goraýan  teläri, teläriň beýikligini sazlap bolýan tutawajy, togtadyjy tormozy we bäş nokatly magnitli howpsuzlyk kemeri bar.

 

Avantgarde we Performance seriýalary biri-birinden dizaýn taýdan tapawutlanýar. Olar GTX we GTS hilli sallançakly görnüşde elýeterlidir. Birinjisi ýeňil. Ikinjisi çaganyň ulalmagy bilen birlikde ulanylyş möhletini uzaldýan, sazlap bolýan uzynlygy hödürleýär.
Beýlekilerden tapawutlanmak isleýänler üçin ýörite dizaýnda çäkli nusgadaky AMG GT2 seriýasy bar. Şeýle kalýaskadan diňe 299-sy öndüriler. Bahasy takyk aýdylmady. Köpçülikleýin öndürilýän modeller üçin bäş dürli reňk çözgüdi we AMG üçin iki sany aýratyn çözgüt elýeterdir. Her kalýaska tutawajyna aňsatlyk bilen dakylýan ownuk goş üçin torbaly gelýär.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....