Türkmenistan dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji gezek medal gazandy

  • 05.12.2023 12:19
  • 22k+

Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen Uly tuwulganyň “Tokyo Grand Slam-2023” ýaryşynda ilkinji gezek bürünç medala türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow eýe boldy.

Baýrak gaznasy 154 000 dollar bolan iki günlük ýaryş bäş yklymyň 84 ýurdundan 506 türgen (298 erkek we 208 zenan) ýygnady. Olar 14 medal toplumy ugrunda göreşdiler.
Türkmenistana 8 dzýudoçy – 5 erkek we 3 zenan wekilçilik etdi. Olardan diňe birine sylag münberine çykmak başartdy.
Hekim Agamämmedow 66 kg çenli agram derejede bürünç medalyň eýesi boldy. Bu üstünlige ýetmek ugrunda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky №1001 harby bölüminiň 24 ýaşly esgeri bäş ýeňiş gazandy.
Bu agram derejede ikinji bürünç baýragynyň eýesi dünýä reýtinginiň häzirki birinji belgisi Moldowadan Denis Wieru boldy. Münberiň ikinji basgançagyna Dohada geçirilen dünýä çempionatynyň häzirki bürünç medalynyň eýesi, Hançžouda geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony we Ulan-Batorda Uly tuwulga-2023-üň ýeňijisi mongoliýaly Bashu Ýondonperenleýn çykdy. Ýaryşyň altyn medalynyň eýesi bolsa Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň çempiony, dört gezek dünýä çempiony ýaponiýaly Hifumi Abe boldy.


Öň, türkmen dzýudoçylary ýeňijilere we baýrak eýelerine dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin reýting utuklaryny berýän, dünýäniň dürli ýerlerinde geçirilýän Uly tuwulga ýaryşlarynda baýrakly orunlara eýe bolmandy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....